Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Ermenistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Ýeri gelende bellesek, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan mundan ozal 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda hem Türkmenistanda saparda bolupdy.
