Turkmenportal logo
04.08.25
2718427184
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana geldi

Malawi Respublikasynyň Wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.


Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman resmi adamlar tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy. Garşylama dabarasynda oňa türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda hormat bildirildi diýlip, «Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda habar berilýär.


Aşgabatdaky dabaraly garşylanyşdan soň, Maýkl Bizwik Usi maslahatyň geçiriljek ýeri bolan Türkmenbaşy şäherine ugrady.


Wise-prezidentiň derejesinde wekilçilik edilmegi Malawiniň bu möhüm halkara foruma uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýlip, habarda bellenilýär.