«Xueba» robot-androidi HHR-de Şanhaý teatr akademiýasyna opera sungatyny öwrenmek üçin aspirantura kabul edildi. Bu barada «South China Morning Post» gazetine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Android «drama we kino» hünäri boýunça okar. Ol dört ýylyň dowamynda däp bolan hytaý operasyna esaslanýan sahna ussatlygyny, ssenariý ýazmagy we beýleki hünärleri öwrener.
«Xueba» eýýäm wirtual talyp biletini aldy, oňa professor Ýan Sinsin halypalyk eder.
Robot Şanhaýyň ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň «DroidUp Robotics» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginde döredildi. Onuň ady «akylly» diýmegi aňladýar.
Gazetiň çap eden habarynda gözi äýnekli ýaş ýigit-robotyň suraty hem ýerleşdirilipdir. Ony döredijileriň tasyklamagyna görä, «Xueba» adamlar bilen hytaý dilinde erkin sözleşýär we duýgulary aňlatmagy başarýar.
«Xueba» gazet bilen söhbetdeşlikde: «Professor Ýan eger ýokary bilim almasam, meniň muzeýe sowgat beriljekdigimi aýtdy» diýdi.
