2025-nji ýylyň 21-23-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre ýene-de bir gezek çagalar üçin harytlary we hyzmatlar hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalary hem-de brendleri bir ýere jemlär, şeýle hem köp sanly interaktiw meýdançalar, şoular we bäsleşikler bilen ýatdan çykmajak maşgala baýramçylygyny döreder.
Bu sergi geçen ýyl ilkinji gezek geçirilip, 10 müňden gowrak myhmany ýygnan üstünlik gazanandan soň ikinji gezek geçirilýär. 2025-nji ýylda guraýjylar çäräniň gerimini hasam giňeltmek üçin onuň maksatnamasyny baýlaşdyrdylar we gatnaşyjylaryň sanyny artdyrdylar.
Esasy çäreleriň hatarynda «CreaKid» kompaniýasy tarapyndan guraljak Sumo-robotlaryň tutluşygy bar. Onuň dowamynda ýaş inženerler robototehnikadaky ussatlygyny görkezerler. Şeýle hem myhmanlara çagalar modasynyň gala görkezişleri, wirtual we ylmy zolaklar, ussatlyk sapaklary, mental arifmetika boýunça olimpiadanyň finaly, çagalaryň dyrmyşmak boýunça marafony we başga-da köp sanly çäreler garaşýar.
Ýarmarkada çagalar üçin eşiklerden we oýunjaklardan başlap, okuw esbaplaryna çenli harytlary satyn alyp bilersiňiz. Gatnaşyjylara amatlylyk üçin dürli tagamlar we içgiler hödürlenýän Food Zone (iýmit zolagy), şeýle hem giň awtoduralga hereket eder. Sergä 35, 54, 56, 57, 58, 103 we 121-nji awtobuslar bilen baryp bilersiňiz.
Maksatnama barada has giňişleýin maglumaty «Kids Expo 2025-iň» saýtynda tapyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin maglumat: contact@turkmenexpo.com, tel.: +99371871813.
