Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşar. Bu maslahat 5 — 8-nji awgust aralygynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Prezidentniň Metbugat gullugy habar berýär.
«5-nji awgustda döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň işine gatnaşar» diýip, habarda bellenilýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, bu maslahata 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, BMG-ä agza ýurtlaryň wekiliýetleri, guramanyň Baş sekretary we onuň orunbasarlary gatnaşar. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahat geçirilýän ýerlerde tematik sergiler, şol sanda türkmen tarapynyň taýýarlan sergileri görkeziler. Şeýle-de forumyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň milli günleri, medeni çykyşlar we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dabaraly konsert meýilleşdirilýär.
