Türkmenistan we Owganystan Hyrat welaýatynda ýerleşýän Turgundy gury ýer portuny ösdürmek we maýa goýumlary üçin şertnama baglaşdy. Bu barada «Tolo News» habar berýär.
Ylalaşyga görä porty giňeltmek üçin başlangyç maýa goýum 5 million dollar bolar. Taslama ammarlaryň gurluşygyny, şeýle hem täjirçilik ýüklerini ýüklemek we düşürmek üçin täze desgalaryň gurluşyk işlerini öz içine alýar.
Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň habaryna görä, baglaşylan şertnama iki ýurduň arasyndaky serhetaşa söwdany ýeňilleşdirmäge we has-da giňeltmäge ýardam berjek ikitaraplaýyn tagallalaryň bir bölegidir.
Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň metbugat sekretary Muhammet Aşraf Hakşenas: «Ylalaşyk Turgundy-Hyrat demir ýolunyň ugrunda ýükleri dolandyrmak üçin ulanyljak täze ammarlaryň we desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar» diýdi.
Onuň sözlerine görä, maýa goýumlary Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylar hem-de taslama milli kanunçylyga laýyklykda Owganystanyň çäginde amala aşyrylar. Taslama tamamlanandan soň çykdajylar türkmen tarapyna desgalaryň işinden alnan girdejiler esasynda gaýtarylar.
Taslama has giň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyga goşant goşup, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky üstaşyr söwdany artdyrar diýlip garaşylýar.
Türkmenistan Owganystanyň esasy ykdysady we söwda hyzmatdaşlaryndan biridir. Elektrik, nebit we gaz üpjünçiliginden başga-da, ýurtlar TOPH gaz geçirijisi, optiki süýümli aragatnaşyk we demir ýol gurluşygyny ösdürmek ýaly iri sebit taslamalarynda hyzmatdaşlyk edýärler.
