Turkmenportal logo
01.08.25
2783127831
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Khaleej Times»: Saud Arabystanynda attraksion ikä bölündi, şikes alanlar bar
«Khaleej Times»: Saud Arabystanynda attraksion ikä bölündi, şikes alanlar barSurat: Oxu.az

Saud Arabystanynda üsti adamly attraksion ikä bölünip, 23 adam ejir çekdi, üç adam agyr şikes aldy diýip, «Khaleej Times» neşiri habar berdi.


Waka Et-Taif şäheriniň ýanyndaky Hada etrabynda ýerleşýän «Green Mountain Park» göwün açyşlyklar seýilgähinde boldy. Sosial torlarda çap edilen wideolarda «360 gradus» diýlip atlandyrylýan meşhur tegelek attraksionyň birdenkä deň ikä bölünip, adamlar bilen ýere gaçýandygy görünýär.


Ýokary tizlikde hereket wagty metal gurluş birden gapdala gyşaryp, garşy tarapdan adamlara uruldy. Käbir adamlar oturan ýerlerinden ýere gaçdylar, olaryň ählisi-de dürli agyrlykda şikes aldylar.


Et-Taifiň ýerli hassahanasyna ejir çekenler ýerleşdirildi. Ýerli gulluklar wakanyň bolan ýerine bardylar. Hadysanyň sebäpleri anyklamak boýunça derňew işleri başlandy.