30-njy iýulda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ýolbaşçysy Selbi Hanowa ÝUNISEF-iň ýaşlar üçin guran Eko-lageriniň gatnaşyjylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň maksady BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň «Mümkinçilik pursaty: Arassa energetika eýýamynyň gelmegini çaltlandyrmak» atly çykyşyny we onuň howanyň üýtgemegi baradaky pikirlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Çykyşda dünýäniň taryhy bir döwrebap geçişiň, ýagny gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýerine täzelenip bilinýän energiýa çeşmelerine geçmegiň bosagasynda durandygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşan ýaşlar BMG-niň Baş sekretarynyň wideo çykyşyny diňläp, her bir adamyň Ýer şarynyň goragyna nähili goşant goşup biljekdigi barada pikir alyşdylar.
«Eko-lageriň gatnaşyjysy hökmünde BMG-niň Baş sekretarynyň çykyşyny diňlänimden soň, howa bilen baglanyşykly ýagdaýyň nähili çynlakaýdygyna göz ýetirdim. Hatda ýaşlaryň kiçijik ädimleriniň hem geljegi gowy tarapa üýtgedip biljekdigine ynanýaryn» diýip, Reşul Taýjanow aýtdy.
Baş sekretaryň bellemegine görä, geosyýasy we ekologiki kynçylyklara garamazdan, arassa energetika ulgamyndaky öwrülişik eýýamy eýýäm başlandy. 2024-nji ýylda arassa energetika goýberilen maýa goýumlar 2 trillion amerikan dollaryna ýetdi we bu san gazylyp alynýan ýangyçlara goýlan maýa goýumlardan ýokary boldy. Bu bolsa täzelenip bilinýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini we elýeterliligini görkezýär.
Ýaşlar durnukly tejribeleri öňe sürmäge hem-de arassa we adalatly energetiki geljege geçişi goldamaga taýýardyklaryny aýtdylar diýip, BMG-niň saýtynda habar berilýär.
