Turkmenportal logo
31.07.25
3170131701
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegondyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar.


Söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.