Turkmenportal logo
29.07.25
2307323073
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasy çagalaryň arasynda surat bäsleşigini geçirdi

Şu gün Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli çagalaryň arasynda surat bäsleşigi geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çärä «Fujisan Çidama» geňeşiniň ýolbaşçylary we çagalar gatnaşdylar.


Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty, ýurduň taryhy ýadygärlikleri, täsin tebigaty, medeni gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary bilen tanyşdyryldy.


Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy hem-de ähli gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.