Türkmenistandaky çagalar sagaldyş merkezlerinde her ýyl guralýan çaganyň hukuklary baradaky habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça umumymilli okuwlar geçirildi.
Bu okuwlar Türkmenistanyň Mejlisiniň we ÝUNISEF-iň başlangyjy bilen, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde guraldy.
Ilkinji okuwlar Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Gökderede ýerleşýän «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş merkezinde geçirildi. Soňra okuwlar Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar Nesil» we Mary welaýatyndaky «Arkadagyň Bagtyýar Nesilleri» merkezlerinde dowam etdirildi diýip, ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Bu çäreler interaktiw duşuşyk görnüşinde geçirildi: 8 — 12 ýaş aralygyndaky çagalar Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa bilen bagly temalarda guralan türgenleşiklere we oýunlara işjeň gatnaşdylar. Çäreleriň maksady çagalaryň öz hukuklaryny has gowy bilmeklerini gazanmakdan ybarat boldy.

Oýunlar, wiktorinalar we toparlaýyn tabşyryklar arkaly çagalar bilim almaga, goraga, gatnaşmaga hem-de kemsidilmä sezewar bolmazlyga degişli esasy hukuklaryny öwrendiler. Okuwlara gatnaşanlar ÝUNISEF-iň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň hem-de Adalatçynyň edarasynyň Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny goramak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Bu okuwlar, esasan hem, Türkmenistanda Çaganyň hukuklary baradaky Komitetiň Jemleýji bellikleriniň ýerine ýetirilmegine, ýagny çagalaryň, maşgalalaryň we jemgyýetiň konwensiýa we onuň goşmaça Teswirnamalary barada habarlylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.
Tomusky dynç alyş merkezlerde geçirilen okuwlar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda çaganyň hukuklary barada maglumat ýygnamak we peýdalanmak boýunça milli mümkinçilikleri berkitmek» atly taslamanyň çäklerinde guraldy.
