Soltan Loft restorany indi birnäçe ýyl bäri çagalar çärelerini geçirmek isleýän aşgabatly maşgalalaryň iň halaýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde baýramçylygy ýokary derejede guramakda ussat bolan hünärmenleriň işiniň ýakymly gurşawy her bir myhmana aýratyn üns berilmegi bilen utgaşýar.
Näme üçin ene-atalar Soltan Lofty saýlaýar:
- Islendik ýaşdaky çagalar üçin dürli attraksionly giň oýun meýdançasy;
- Oturan ýerinde oýnawaç satyn almak mümkinçiligi;
- Ene-atalaryň islegine görä düzülen deňagramly çagalar menýusy;
- Çagalar bilen işleşmegi bilýän tejribeli işgärler.

«Biz ene-atalar üçin diňe çaganyň şatlygy däl-de, eýsem olaryň howpsuzlygynyň hem möhümdigine düşünýäris — diýip, restoranyň dolandyryjylary belleýärler. Şonuň üçin maşgalanyň rahat dynç almagy üçin ähli zerur bolan şertler döredilýär».
Wagt synagyndan geçen bu restoran myhmanlaryny begendirmegi häzirki wagtda hem dowam edýär. Salgysy: G. Kulyýew köçesi (Obýezdnoý), 72, Soltan binasy.
Stoly sargyt etmek ýa-da jikme-jik maglumatlary anyklamak üçin şu telefon belgilerine jaň edip: (+993 65) 72 61 62 (+993 12) 75 48 44 (+993 12) 75 49 44, şeýle hem restoranyň sosial ulgamdaky sahypalary arkaly habarlaşyp bilersiňiz.
Soltan Loft ýokary hilli hyzmaty hödürleýän we çagalaryň baýramyny hakykatdan-da ýatdan çykmajak etmek isleýänler üçin ynamly saýlaw bolmagynda galýar.
Şol bir wagtyň özünde oýun meýdançasynyň ýanynda çagalara sowgat satyn almak üçin uly bolmadyk oýnawaçlar dükany hem hereket edýär.
