«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze «Sahra» restorany açyldy. Restoran şu ýylyň awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň öňüsyrasynda myhmanlara gapylaryny açdy. Ol Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýär we ilkinji günlerden başlap, suwuň golaýynda özboluşly ýerleşişi bilen myhmanlary özüne çekýär.
Restoran myhmanlara Gündogar we Ýewropa aşhanasynyň ajaýyp tagamlary bolan hususy menýusyny hödürleýär. Restoanyň interýeri rahatlyk we tebigat bilen sazlaşyk gurşawyny döredýän açyk tebigy öwüşginler ulanyp, häzirki zaman stilinde bezelendir.
Restoranyň ýolbaşçylary her tagamyň aýratyn üns bilen berilýändigini we her saparyň ýatdan çykmajak waka öwrülýändigini nygtaýarlar.
«Sahra» restorany «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň merkezinde ýerleşip, her gün açykdyr.
Stollary bronlamak üçin myhmanlar aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilerler:
+993 71 185 185, +993 71 285 285.
Sosial ulgamdaky sahypasy.