Turkmenportal logo
25.07.25
4262342623
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda ermenistanly işewürler sütükli önümleri we dürli matalary satyn aldylar

24-nji iýulda birža söwdalarynda Ermenistandan gelen we ýerli işewürler bilen geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berýär.


Daşarky bazarda Ermenistan döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden düz boýalan we žakkard sütükli önümlerini, boýalan agyr flanel hem-de çig kreton matasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.


Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 861müň manada we 322 472,68 dollara deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.Birža söwdalarynda ermenistanly işewürler sütükli önümleri we dürli matalary satyn aldylar