Turkmenportal logo
24.07.25
4142741427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Hytaýda geçiriljek halkara kitap ýarmarkasyna çagyryldy

Günorta Hytaý kitap ýarmarkasynyň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň neşirýatçylaryny we kitap senagaty boýunça hünärmenlerini sebitdäki iň iri sergä gatnaşmaga resmi ýagdaýda çakylyk iberdi.


Çäre 2025-nji ýylyň 15–19-njy awgusty aralygynda Hytaýyň Guançžou şäherindäki Import-eksport ýarmarkasynyň sergi zalynda geçiriler. Guramaçylyk komitetiniň baş wekili Sun Ýu tarapyndan gol çekilen resmi çakylykda türkmen hünärmenleriniň 14–19-njy awgust aralygynda Hytaýa sapar bilen gelip biljekdigi habar berilýär.


Saparyň esasy maksady — Günorta Hytaý kitap ýarmarkasynyň Merkezi pawilýonynyň işine, şeýle-de serginiň çäklerinde geçiriljek medeni çärelere gatnaşmak bolup durýar. Guramaçylar Türkmenistandan gatnaşýan wekillere sergi diwarlyklaryny we meýletinçilik hyzmatlaryny mugt hödürleýärler.


Goşmaça maglumatlary almak isleýänler üçin aragatnaşyk salgysy: Hytaý, Guançžou şäheri, Týanhe etraby, Çanfu köçesi, 100, elektron poçtasy: ngsx_ban@163.com , telefon belgisi: 020-66220224.