«Maksatly Türkmen» kompaniýasy plastik we alýumin penjire we gapy ulgamlaryny öndürmek we gurnamak ugruna ýöriteleşip, ýaşaýyş we täjirçilik maksatly desgalar üçin öňdebaryjy dizaýn we funksional çözgütleri hödürleýär.
Islendik taslama boýunça amatly çözgütler

Müşderiler üçin önümleriň giň görnüşi elýeterlidir, şol sanda:
- ofis we aýna germewleri;
- fasad ulgamlary;
- duş kabinalary we aýnadan gurşawlar;
- awtomatik perdeler;
- düzümli derwezeler;
- süýşýän aýnaly ulgamlar;
- günden goraýjy saýawanlar;
- alýuminden witražlar we beýleki düzüm bölekler.
Kompaniýada müşderileriň we gurluşyk bazarynyň häzirki zerurlyklarynyň esasynda bar bolan önümleriň görnüşlerini giňeltmek we täze tehnologiki çözgütleri ornaşdyrmak işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigini nygtaýarlar.

Önümçilik döwrebap enjamlary ulanmak we sertifikatlaşdyrylan materiallar esasynda alnyp barylýar, bu bolsa ähli önümleriň ygtybarlylygyny, gözelligini we uzak hyzmat möhletini üpjün edýär.
Aragatnaşyk maglumatlary:
salgysy: Aşgabat, G. Gulyýew köçesi, jaý 28;
telefonlar: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
sosial ulgamdaky sahypa.
«Maksatly Türkmen» – bu Ýewropa hil standartlary bilen her buýuryja şahsy çemeleşmäniň utgaşmasydyr.
