2025-nji ýylyň 14–28-nji iýuly aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hytaý Halk Respublikasynyň Pekininiň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň binýadynda geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Lukmançylyk bileleşiginiň tomusky önümçilik tejribeligine gatnaşýarlar.
Bu mümkinçilik, halkara akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk baradaky hereket edýän Ylalaşygyň netijesinde döredi. Bu resminama bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, ylmy gözlegleri we talyplaryň özara tejribe alyşmagyny göz öňünde tutýar.
Tomusky önümçilik tejribeliginiň meýilnamasyna laýyklykda öňdebaryjy professorlaryň sapaklaryny, akkupunktura, tuýna, fitoterapiýa boýunça amaly sapaklary, hem-de Pekininiň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň klinikalarynda tejribe geçmegi öz içine alýar. Mundan başga-da, hytaý lukmançylygynyň däpleri we taryhy bilen tanyşdyrýan medeni çäreler gurnalýar.
