Turkmenportal logo
22.07.25
3560835608
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde resminamalary kabul etmeklik dowam edýär

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi 14 – 27-nji iýul aralygynda 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça dalaşgärlerden resminamalary kabul edýär:


Býujet esasynda:


  1. Şepagatçylyk işi.
  2. Laboratoriýa anyklaýyş işi.

Tölegli esasda:


  1. Şepagatçylyk işi.
  2. Bejeriş işi.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:


  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan (işlän) ýerinden, harby bölümden häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Kabul edişligiň şertleri baradaky jikme-jik maglumatlary mekdebiň saýtynda görüp bilersiňiz.