2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryndan we mugallymlaryndan ybarat bolan topar Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň garamagyndaky Tehnologiýa uniwersitetine okuw we hünär kämilleşdiriş maksatly tanyşdyryş saparyna iberildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Saparyň meýilnamasyna görä, türkmen wekilleri üçin täze tehnologiýalaryň işlenip düzülmegi, sanly tehnologiýalaryň hem-de emeli aňyň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly hünär ugurlary boýunça okuw sapaklary guralar.
Şeýle-de olar Petronas kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetindäki okuw tertibi, barlaghana serişdeleri, okuw merkezleri, ylmy-barlag işleri we kompaniýanyň önümçilik mümkinçilikleri bilen tanyşarlar.
Okuw we önümçilik tejribesi 2 hepdelik okuw we 1 hepdelik hünär kämilleşdiriş tapgyrlaryndan ybarat bolup, bu çäre 2024-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Petronas kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar.
