Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän ösümlik ýag kärhanasynda öndürilýän «Ahal» haryt nyşanly önümler ekologik taýdan arassalygy, ýokary hilliligi we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, 2025-nji ýylyň geçen alty aýynda bu ýerde 58 million 161 müň manatlykdan gowrak iş edildi. Netijede, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 126,28 göterim ösüş gazanyldy.
Kärhanada ýokary hilli ýagdan başga-da, sarunuň we harpygyň müňlerçe tonnasy alyndy.
Ösümlik ýag kärhanasynyň önümçilik işinde ýerli çig malyň ulanylýandygy bellärliklidir. Önümhanalardaky öňdebaryjy tehnologiýalar ýokary hilli gowaça çigidini gaýtadan işlemäge hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, importyň ornuny tutýan ösümlik ýagyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Taýýar önümler hil barlagyndan geçirilenden soňra, 1, 5 we 10 litrlik göze gelüwli gaplara guýlup, söwda nokatlaryna ugradylýar.
