Dört deňziň suwlary tarapyndan ýuwulýan türk syýahatçylyk kurortlary dynç alýanlar üçin garaşylmadyk howp bilen ýüzbe-ýüz boldular, ýagny sebitde akulalaryň hüjümleri barha artýar. Ýerli ýaşaýjylar we jahankeşdeler meşhur suwa düşülýän zolaklarda olary häli-şindi görýärler. Bu barada «Hyrriyet» agentiligine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» habar berdi.
Ýagdaý has-da käbir kenarýaka etraplarda howsala döredýär. Mysal üçin, akulalary Konýaalty (Antalýa), Datça şypahanalarynyň golaýynda, Mermer deňziň suwlarynda, Stambulyň iň gür ilatly Aziýa böleginde hem-de Jaddebossan kenarýaka etrabynda gördüler.
Waka şaýat bolanlar deňiz ýyrtyjylarynyň gorkunç hüjümleriniň wideolaryny çap edýärler. Käbir görnüşlerde akulalar balykçylaryň gaýyklaryna hüjüm edip, olar üçin çynlakaý howp döredýärler.
