Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawlaryna biletler onlaýn görnüşde satuwa çykaryldy. Bu barada Türkmenistanyň «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ habar berýär.
Biletleri auh.com.tm resmi saýtyndan hem-de Şäherara bilet ykjam goşundysyndan satyn alyp bolýar. Biletiň bahasy bir tarap üçin uly ýaşly ýolagçylar üçin 75 manat we 5 – 13 ýaş aralygyndaky çagalar üçin 37,5 manat. Töleg «Altyn Asyr» töleg ulgamy bilen bagly bank kartlary arkaly amala aşyrylýar.
Awtobuslaryň gatnawlary her tarapa günde iki sapar ýerine ýetirilýär. Awtobuslar paýtagtymyzdan sagat 06:00-da we 06:30-da Aşgabadyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Halkara awtomenzilinden (A. Nyýazow şaýoly, jaý 422) ugraýar. Ýoluň dowam edýän wagty takmynan sekiz sagat, Awaza barýan wagty – degişlilikde sagat 15:00 we 15:30.
Gaýdyşyn ugur boýunça awtobuslar Awazadan Aşgabada Ýelkenli köçesindäki duralgadan sagat 13:00-da we 13:30-da ugraýarlar.
Bilet satyn alnanda pasport maglumatlaryny görkezmek hökmanydyr. Ýolagçylar bilet resmileşdirilende awtobusyň salonyndan öz islegine görä oturgyjy saýlap bilerler.
Müşderi hyzmaty bilen aragatnaşyk üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-35-30, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-35, 082.
