Turkmenportal logo
21.07.25
3296832968
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda howanyň +44 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar, az-kem ýagyş ýagar

Şu hepde Türkmenistanyň sebitlerinde howanyň +44 gradusa çenli yssy bolmagyna garaşylýar, käbir sebitlerde az-kem ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:


Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23...+25 gradusdan +27...+29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+38 gradusdan +41...+43 gradus aralygynda yssy bolar.


Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+26 gradusdan +26...+31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38...+43 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +35...+40 gradus yssy bolar.


Ahal welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 —17 ؅metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+27 gradusdan +25...+30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+38 gradusdan +38...+43 gradus aralygynda yssy bolar.


Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+26 gradusdan +24...+29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+40 gradusdan +38...+43 gradus aralygynda yssy bolar.


Lebap welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+27 gradusdan +25...+30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+40 gradusdan +39...+44 gradus aralygynda yssy bolar.


Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+26 gradusdan +24...+29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+38 gradusdan +38...+43 gradus aralygynda yssy bolar.