Turkmenportal logo
19.07.25
4011640116
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreler
Surat: TDH

Türkmenistanda indiki aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, brifingleri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.


Şeýle-de tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin olaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, dürli döredijilik bäsleşiklerini guramak meýilleşdirilýär.


Awgust aýynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.


Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurduň ösüşlerini beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere awgust aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.