Turkmenportal logo
16.07.25
3324933249
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BRIKS guramasynyň ýadygärlik puly çykaryldy
Surat: RBK

BRIKS halkara guramasynyň ýadygärlik banknoty 10 müň tiraž bilen çap edildi. Bu barada Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň prezidenti Sergeý Katyrin habar berdi.


Katyrin ýadygärlik kagyz puluň döredilmegine işewürlik jemgyýetçiliginiň wekilleriniň BRIKS-iň köppolýarlyk, deňhukuklylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerini birleşdirýän nusgany tapmak isleginiň sebäp bolandygyny gürrüň berdi.


Guramanyň simwolik kagyz puly ilkinji gezek 2024-nji ýylyň oktýabrynda tanyşdyryldy. 2025-nji ýylda Peterburg ykdysady forumynda hümmedi 200 bolan BRIKS-iň täze simwoliki puly bilen tanyşdyryldy.


BRIKS – bu 10 döwletiň gatnaşmagyndaky birleşme bolup, oňa Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, GAR, BAE, Eýran, Müsür, Efiopiýa we Indoneziýa girýär. Gurama 2006-njy ýylyň iýunynda esaslandyryldy. Bu barada «Belta.by» portaly ýazýar.