Turkmenportal logo
14.07.25
3314433144
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Huanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hytaýyň wekiliýetiniň wekillerini LLDC 3-iň çäginde geçiriljek Zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.