Türkmen taryhçylary Sowet Soýuzynyň ähli halklarynyň nasistik Germaniýa garşy uruşda gazanylan ýeňşe goşan goşandyna bagyşlanan «Sowet Soýuzynyň halklary we Beýik Ýeňiş. 1941 — 1945» atly bilelikdäki monografiýanyň taýýarlanylmagyna gatnaşdylar diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.
Bu toplumlaýyn eser Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly 11 ýurduň Milli ylymlar akademiýalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri tarapyndan GDA döwletleriniň Taryhçylarynyň we arhiwçileriniň halkara birleşiginiň çäginde taýýarlanyldy.
Taslama GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň tabşyrygy boýunça döredildi we taryhy ýatlamalary saklamaga hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda halkara ylmy hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir.
Kitabyň tanyşdyrylyşy «Beýik Watançylyk we Ikinji jahan uruşlarynda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy» atly halkara ylmy konferensiýada geçirildi. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ählumumy taryh institutynyň ylmy ýolbaşçysy Aleksandr Çubarýan bu neşiriň ideologik toslamalardan daşda durup, Sowet Soýuzy halklarynyň jebisliginiň fenomeni hakynda gürrüň berýändigini belledi.
Konferensiýa gatnaşyjylar uruş baradaky taryhy hakykaty saklamagyň ähmiýeti baradaky pikir alyşdylar. Belarusuň Milli Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň direktory Wadim Lakizanyň aýtmagyna görä, bu ugurda hökümet edaralarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki institutlaryň utgaşykly işi zerurdyr.
Monografiýa GDA ýurtlarynyň orta we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmalarynyň esasynda ulanylyp bilner, şeýle-de urşuň az öwrenilen sahypalaryny giňişleýin öwrenmek üçin ylmy ýol görkeziji bolup biler.
