Turkmenportal logo
09.07.25
2251722517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Ýaşlar baýragyna hödürlenilýänlerden resminamalaryň kabul edişligi başlandy

Türkmenistanda Ýaşlar baýragyna hödürlenýänlerden resminamalaryň kabul edişligi başlandy. Bu baýragy almaga dürli ulgamlarda – edebiýatda, sungatda, medeniýetde, ylymda we tehnikada, lukmançylykda, sportda, oba hojalygynda, jemgyýetçilik işlerinde uly ösüşleri, döredijilik we zähmet işjeňligini görkezen ýurduň 16 ýaşdan 35 ýaşa çenli ýaş raýatlary dalaşgär hödürlenilip bilner diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.


Dalaşgärlerden resminamalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher we welaýat geňeşlerinde 15-nji sentýabra çenli kabul ediler.


Resminamalarda dalaşgäriň soňky üç ýylda gazanan üstünlikleri barada maglumatlar bolmalydyr.


Gatnaşmak isleýänler aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyr:


  • 3x4 ölçegdäki 6 sany reňkli fotosurat;
  • şahsy maglumatlary (maglumatnama we awtobiografiýa) kagyz hem-de elektron görnüşde (familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan güni, aýy we ýyly wezipesi, iş we öý salgylary, şeýle hem telefon belgisi aýratyn görkezilmelidir);
  • dalaşgäriň pasportynyň we zähmet depderçesiniň (eger işleýän bolsa) tassyklanan nusgalary;
  • dalaşgäriň jemgyýetiň öňünde eden işlerini tassyklaýan resminamalar, hususan-da: Hormat hatlarynyň, diplomlaryň we beýleki baýaklaryň nusgalary, çykyşlarynyň we işleriniň fotosuratlary, CD we DVD ýazgylary, metbugatda çap edilen döredijilik işleriniň nusgalary;
  • dalaşgäri baýraga hödürleýän edara, gurama ýa-da kärhana tarapyndan berlen häsiýetnama, şeýle hem Ýaşlar guramasynyň etrap, şäher ýa-da welaýat geňeşiniň teswirnamasyndan göçürmäniň gol we möhür bilen tassyklanan nusgasy.

Bu baýraga ozal eýe bolan şahslar baýragy almak üçin dalaşgärlik edip bilmeýärler.