Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew Belorussiýanyň «Torpedo-BelAZ» futbol klubynyň Makedoniýanyň «Rabotniçkow» topary bilen UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň birinji tapgyrynda geçiriljek oýunlarynyň sanawyna goşuldy.
Bu iki klubyň arasyndaky ilkinji oýun 10-njy iýulda, jogap duşuşygy bolsa 17-njy iýulda geçer. «Torpedo-BelAZ» öý oýnuny bitarap meýdançada – Wengriýanyň Sombatheý şäheriniň «Haladaş» stadionynda geçirer. Oýun Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlanar.
Çaryýew «Torpedo-BelAZ» klubyna 2025-nji ýylyň fewralynda geçdi. Klubyň düzüminde onuň ilkinji çykyşy 4-nji aprelde «Slusk» bilen oýunda boldy. Çaryýewiň belorus kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär. Oýunçynyň transfer bahasy 250 müň ýewro diýlip baha berilýär.
