7-nji iýulda Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň barşynda umumy bahasy ABŞ-nyň 750 846, 00 dollaryna we 884 000, 00 manada deň bolan dört şertnama baglaşyldy – diýip, TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Daşarky bazarda Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada şertnama baglaşdylar.
Serbiýaly täjirler ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden guradylan arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
BAE-den gelen işewürler ýerli täjirlerinden boýalan Ranforse we Kreton görnüşli nah matalaryny, şeýle hem erkek köýneklerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
