Turkmenportal logo
05.07.25
3459434594
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awazadaky «Katmer» kafesinde türk tagamlaryndan lezzet alyň

Hazar deňziniň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýyl açylan amatly «Katmer» kafesi hereket edýär. Bu ýer Türkiýäni ýada salýan özboluşly gurşawy we Gündogaryň ajaýyp tagamlaryny hödürleýändigi bilen myhmanlaryň arasynda meşhurlyk gazandy.


«Katmerde» her bir myhman hakyky türk myhmansöýerligini duýup biler. Bu ýerde milli däp-dessurlara laýyklykda demlenen we armyt görnüşli owadan bulgurlarda – armudalarda ýakymly ysly türk çaýy hödürlenilýär. Dürli görnüşli hakyky türk süýjülikleri bolsa çaý içişligi has-da ýakymly pursata öwürýär.



Kafeniň içki bezegi myhmanlary güneşli Türkiýä alyp barýar, ýakymly atmosfera bolsa dynç alyş we ýakymly söhbetdeşlikler üçin amatly şertleri döredýär. Kafe «Awazadaky» gezelenje arakesme bermek we bir käse hoşboý ysly çaýyň başynda Hazar deňziniň keşbinden lezzet almak üçin amatly ýerdir.


Salgysy: «Awaza» MSZ, «Serdar» myhmanhanasy, 1-nji gat


Telefon belgileri: +993 61509696, +993 62714848


Sosial ulgamdaky sahypasy.


«Katmer» Hazaryň kenarynda Türkiýedäki ýaly ajaýyp pursatlary sowgat bermek üçin myhmanlara garaşýar!