67 ýaşly aktýoryň jesedi onuň Malibudaky öýünde penşenbe güni irden poliseýler tarapyndan tapyldy. Poliseýler ol ýere dessin gulluga jaň edilenden soňra bardylar. Aktýoryň aradan çykandygy Los-Anjeles okrugynyň şerifiniň edarasynyň wekili tarapyndan tassyklandy.
Deslapky çaklama görä, Medseniň ölümine onuň ýüreginiň durmagy sebäp bolupdyr.
Maýkl Medsen 1957-nji ýylda doguldy, 1980-nji ýyllarda kinoda surata düşüp başlady. Aktýor 350 sany keşp döretdi, olaryň arasynda «Guduz itler», «Billi ýok etmeli», «Bir gezek... Golliwudda», «Telma we Lýuiza», «Donni Brasko» ýaly meşhur filmler bar. Ol şeýle hem prodýuser we ssenariçidi.
Bu barada «rg.ru» habar berdi.
