25-nji iýun — 3-nji iýul aralygynda Parižde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň 33-nji sessiýasy geçirilýär. Bu maslahat okeany öwrenmek we gorap saklamak boýunça möhüm halkara wakalardan biridir.
24-nji iýunda Hökümetara okeanografik komissiýasynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň 58-nji sessiýasy geçirildi. Bu çäre ummanlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini çaklamak we deňiz gurşawyny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen tematiki ylmy hem-de ýörite mejlisleri öz içine aldy.
Onuň işine Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, şeýle hem Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň hukuk bölüminiň diplomaty Kemal Garaýewden ybarat bolan welkiliýet gatnaşdy.
Türkmenistan deňiz ekosistemalaryny gorap saklamak, ylmy gözlegleri ösdürmek we okeanografiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça halkara başlangyçlaryna ygrarlydygyny yzygiderli görkezýär. Biodürlüligi gorap saklamaga we deňiz baýlyklaryndan durnukly peýdalanmaga, şol sanda Hazar deňziniň sebit üçin özboluşly ähmiýetini göz öňünde tutmaga aýratyn üns berilýär.
Hökümetara okeanografik komissiýanyň maksady halkara hyzmatdaşlyga ýardam bermekden hem-de ylmy barlag we tebigat, umman serişdeleri we kenarýaka sebitler baradaky bilimi giňeltmegiň mümkinçiliklerini berkitmek bilen bagly meýilnamalary utgaşdyrmakdan, şeýle-de bu bilimleri deňiz gurşawyny dolandyrmagy kämilleşdirmek we ony goramak üçin peýdalanmakdan, durnukly ösüşi üpjün etmekden we agza döwletleriň kararlary kabul etmek işlerini ýeňilleşdirmekden ybaratdyr.
