Turkmenportal logo
01.07.25
3232232322
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hususy telekeçilerine pensiýa tölegleriniň geçirilmelidigi ýatladyldy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy 2025-nji ýylyň birinji ýarym ýyly üçin pensiýa gatançlaryny tölemek döwrüniň başlandygyny telekeçilere habar berdi.


Türkmenistanyň «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda pensiýa gatançlary şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli tölenilmelidir.


Hasabat döwrüniň başlanandygy baradaky degişli bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda çap edildi.