«Muhammet-Balkan» (MB) HJ-i 2018-nji ýyldan bäri MB Shoes brendi bilen deri aýakgaplaryny öndürýär. Bu ýerde el işi häzirki zaman italýan tehnologiýalary bilen üstünlikli utgaşdyrylýar. Häzirki wagtda kärhana tarapyndan her günde öndürilýän önümleriň möçberi bir müňe çenli bolup, ol ýerde 150 adam zähmet çekýär.
MB Shoes kompaniýasynyň önümçilik hataryna dürli görnüşli aýakgaplar, sumkalar, guşaklar, kemerler we beýleki aksessuarlar girýär. Olar kärhananyň öz ýörite bölümde gaýtadan işlenip taýýarlanan iri şahly mallaryň tebigy derisinden öndürilýär. Önümçilikdäki işler utgaşdyrylan usullarda alnyp barylýar, ýagny kärhanada el işi bilen bir hatarda zähmetiň mehanizirlenen usullary giňden ulanylýar, şeýle hem bu ýerde ýelimleme, tikinçilik we rantlama (gyralaryny tikmek) ýaly aýakgaplary berkitmek tehnologiýalary ulanylýar.

Kompaniýa hile we dizaýna aýratyn ähmiýet berýär we müşderilere buýurmalaryň esasynda aýakgaplary taýýarlamagy, şol sanda ýörite isleg bildirilen dizaýn boýunça sargytlar boýunça taýynlap bermegi hödürleýär. Ähli önümler özboluşly funksional we estetiki aýratynlyklara eýedir hem-de hapalanma we solmaklyga garşy durnukly bolmak üçin ýörite işlenýär.
MB Shoes kompaniýasy deri önümleri üçin özüniň aýratyn ideg serişdeleriniň hataryny hem işläp düzdi.

Kompaniýa zerur bolan hil şahadatnamalarynyň ählisine eýe bolup, ol içerki bazarda bolşy ýaly, halkara bazarlarynda hem işjeň işleýär. Gelejekki meýilnamasynda önümlerini Ýewropa ýurtlaryna eksport etmek hem göz öňünde tutulýar. Sargytlar sosial ulgamlaryň üsti bilen ýa-da eltip bermek hyzmaty arkaly ýerine ýetirilýär, şeýle-de «MB-shoes» kompaniýasynyň ýörite dükanlaryndan satyn alyp bolýar.
MB Shoes aýakgaplary — däpleriň we tehnologiýalaryň sazlaşygydyr, türkmen brendini dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply edýän kärhanadyr.
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +993 12 75 47 75
Salgysy: Ak kenar binasy, 2-nji gat, G. Kulyýew köçesi.
