Türkmenistanyň Döwlet sirki 29-njy iýunda sagat 18:00-da geçiriljek uly baýramçylyk sirk tomaşasyny görkezjekdigini yglan etdi. Türkmen tomaşaçylaryna dürli çykyşlardan ybarat bolan şowhunly baýramçylyk maksatnamasy garaşýar.
Çykyşlaryň çäklerinde dürli sirk toparlarynyň çykyşlary meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, «Türkmen jigitleri» toparynyň, şeýle hem «Gündogaryň ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş ýerine ýetirijileri çykyş ederler. Artistleriň çykyşlaryndan başga-da, tomaşaçylar dünýäniň dürli künjekleriniň haýwanlarynyň çykyşlaryna hem tomaşa edip bilerler.
Baýramçylyk çäresiniň biletlerini onlaýn görnüşde sirk.gov.tm saýty arkaly satyn alyp bolýar.
