«Uzgen» Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynyň 13-nji tapgyrynda «Aziýagoly» utdy. Duşuşyk Oşda geçirilip, ýer eýeleriniň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.
Ýeňiji topardan Kuduret Iskandarbekow (15-nji minut) we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titow (89) tapawutlandy.
Bu ýeňiş netijesinde «Uzgen» 16 utuk toplap, sanawda altynjy orny eýeledi. «Aziýagol» häzirki wagtda 8 utuk bilen 14-nji orny eýeleýär.
M.Titow «Uzgen» üçin ilkinji gezek 2025-nji ýylyň martynda meýdança çykdy. «Aziýagola» garşy geçirilen top onuň şu möwsümdäki dördünji goly boldy. Ondan öň Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi 2027-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň saýlama oýunlarynda Taýlanda, şeýle hem Gyrgyzystan çempionatynda «Abdyş-Ata» we «Oş-MU-a» garşy gol saldy.
«Transfermarkt» portalyna görä, oýunçynyň transfer bahasy 100 müň ýewro diýlip çaklanylýar.
