17-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroşi Sasaki bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ilçi uniwersitetiň ýolbaşçylaryna «Nippon» gaznasynyň Ýaponiýanyň ykdysadyýeti, medeniýeti we edebiýaty baradaky iňlis dilinde ýazylan tanyşdyryş kitaplaryň onlarçasyny dabaraly ýagdaýda sowgat hökmünde gowşurdy.
Ýaponiýa barada gyzykly maglumatlary özünde jemleýän bu kitaplar uniwersitetiň kitaphanasynda we okalga zalynda ýerleşdirildi. Uniwersitetiň rektory sowgat berlen kitaplar üçin ilçä köp minnetdarlyk bildirip, talyplaryň bu kitaplary gyzyklanma bilen okajakdyklaryny belledi.
Duşuşygyň dowamynda ulçi Hiroşi Sasaki uniwersitetiň kitaphanasy we okalga zallary bilen ýakyndan tanyşdy. Soňra diplomat uniwersitetiň nebit we gaz fakultetinde ýerleşýän Geologiýa muzeýine we DRILL SIM-5000 buraw türgenleşik enjamly tejribehanasyna baryp gördi.
Ozal Ýaponiýanyň ilçihanasy tarapyndan Aşgabatdaky ýokary okuw mekdeplere hem-de Aşgabat şäheriniň 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebine kitaplaryň sowgat berilendigi barada habar beripdik.
