Turkmenportal logo
29.05.25
1770317703
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen futbolçylarynyň CAFA U-17 ýaryşynyň bürünç medal ugrunda duşuşmaly garşydaşy belli boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy (17 ýaşa çenli) Merkezi Aziýa futbol birleşiginiň (CAFA) çempionatynda üçünji ýer üçin geçiriljek oýunda Gyrgyzystanyň topary bilen duşuşar.


Duşuşyk 30-njy maýda Daşkent şäheriniň «Dustlik» stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.


Ýaryşyň finalynda Özbegistanyň we Täjigistanyň ýygyndylary duşuşarlar. Bäşinji orun ugrunda bolsa Eýranyň we Owganystanyň toparlary güýç synanyşar.


CAFA-nyň U-17 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda baş tälimçi Ahmet Allaberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen ýygyndysy Owganystanyň ýygyndysyna garşy oýnady we 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy, soňky oýunda bolsa Täjigistanyň ýygyndysyndan 1:4 hasabynda utuldy.