Turkmenportal logo
18.05.25
3736837368
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine uçuşlaryny wagtlaýynça togtadýar

2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap, «Türkmenistan» howaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) Türkmenbaşy şäherine amala aşyrylýan ähli ýolagçy howa gatnawlaryny wagtlaýynça togtadýar.


Togtadylýan ugurlar şulardan ybarat: Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat, Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat, Mary – Türkmenbaşy – Mary, Daşoguz – Türkmenbaşy – Daşoguz. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.


Şol bir wagtyň özünde, awiakompaniýa Türkmenbaşy şäheriniň ýerine Balkanabat şäherine alternatiw ugurlar boýunça täze howa gatnawlaryny ýola goýýar. Täze ugurlar şulardyr: Aşgabat – Balkanabat – Aşgabat, Türkmenabat – Balkanabat – Türkmenabat, Mary – Balkanabat – Mary, Daşoguz – Balkanabat – Daşoguz.


Ýatyrylan uçuşlara öňünden petek alan ýolagçylara petekleriň bahasynyň doly yzyna gaýtarmak ýa-da Balkanabat şäheri arkaly täze ugurlar boýunça petekleri mugt çalyşmak mümkinçiligi hödürlenilýär.


Bu mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin ýolagçylar Türkmenistanyň çägindäki islendik awiapetek satyn alyş nokadyna ýüz tutup bilerler. Şeýle-de petekler onlaýn satyn alnan bolsa, awiakompaniýanyň resmi saýty (https://turkmenistanairlines.tm) arkaly degişli mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.


Ýolagçylar ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilerler: 39-17-17, 23-03-18, 23-03-15, 37-84-52, 37-84-32.