Turkmenportal logo
13.05.25
1918319183
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň biržasy şu hepdäniň söwdalaşyklaryny iri geleşikler bilen başlady

12-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nobatdaky söwdalar geçirildi, olaryň netijesinde daşarky we içerki bazarlarda dürli geleşikler baglaşyldy.


Daşarky bazarda Türkiýeden gelen telekeçiler türkmen hyzmatdaşlary bilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar – diýip, TDHÇMB habar berýär.


Içerki bazarda bolsa ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini we nah matasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.


Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 7 047 700,00 manada we 139 920,00 ABŞ dollaryna barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy.