Turkmenportal logo
30.04.25
2693626936
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi bilen bilelikde 7-nji maýda S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 09.00-dan-12.00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.


Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary taýynlamaklygy, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidigi bellenilýär.


Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:


  • S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:


  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy (S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýy) tel: 22-74-07
  • Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-56
  • Bagtyýarlyk etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-64
  • Berkararlyk etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-71
  • Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy) tel: 35-12-69
  • Köpetdag etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-76