Turkmenportal logo
26.04.25
3048130481
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Papa bilen 130 müňe golaý adam hoşlaşdy
Surat: Interfax.com

Tas 130 müň adam merhum Rim Papasy bilen hoşlaşmak üçin 23-nji aprelden bäri Keramatly Pýotryň baş ybadathanasyna geldi. Bu barada Tagtyň çaphana gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.


«Euronews» agentliginiň ýazmagyna görä, Papa Fransiskiň jesedi 26-njy aprelde ir sagat 10-da topraga ýerlener. Ol Santa – Mariýa – Majore papa bazilikasynda ýerlener we 1903-nji ýylda Lew XIII soňra Watikanyň çäginden daşarda ýerlenen ilkinji Papa bolar.


Dünýäniň 1,4 milliard katolikleriniň baştutany bolan Papa Fransisk öz öýünde 21-nji aprelde 88 ýaşynda beýnä gan inmesinden aradan çykdy.