Turkmenportal logo
22.04.25
3277832778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Döwlet serhet gullugyna maglumatlary gaýtadan işlemek we gözegçilik enjamlary gowşuryldy

Merkezi Aziýadaky Serhetleri dolandyryş maksatnamasynyň çäginde (BOMCA 10) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna maglumatlary gaýtadan işlemek we gözegçilik enjamlary berildi.


BOMKA10 web sahypasynda berilýän habara görä, 9 527 76 ýewro bahasy bolan täze enjamlar şahsy kompýuterleri, monitorlary, serwerleri, printerleri we noutbugy öz içine alýar.


Gowşurylyş dabarasy 19-njy aprelde geçirildi.


Döwrebap tehnologiýa, ýolagçy, ulag we ýük akymlary baradaky maglumatlary ýygnamak, seljermek ukybyny ýokarlandyrmak üçin Baş edaradaky Serhet gözegçilik bölümi üçin niýetlenendir.