Turkmenportal logo
22.04.25
2314523145
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy Türkiýede geçirilýän dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy üçünji diwizionyň «A» toparynda çykyş edip, dünýä çempionatynyň başlangyç oýnunda Bosniýa we Gersegowinanyň toparyny 3:1 (1:1, 0:0, 2:0) hasaby bilen ýeňdi.


Duşuşyk Stambulda geçirildi. Türkmen ýygyndysynyň hatarynda şaýbalary Musa Annasaparow (5-nji minutda), Kerwen Baýlyýew (47) we Döwlet Hydyrow (50) dagy geçirdiler.


Ýaryşyň oýun gününiň beýleki duşuşyklarynda Gyrgyzystanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny ýeňdi (5:2), ýaryşyň meýdança eýeleri bolan türkler bolsa Lýuksemburgyň ýygyndysyndan üstün çykdylar (7:1).


Üçünji diwizionyň «A» toparynyň ýaryşy 21-27-nji aprel aralygynda Stambulda geçirilýär. Ýaryşa alty topar gatnaşýar: Türkmenistan, Bosniýa we Gersegowina, Günorta Afrika Respublikasy, Lýuksemburg, Gyrgyzystan we Türkiýe.


Ylýas Weliýewiň şägirtleriniň indiki oýny 22-nji aprelde Türkiýäniň ýygyndysyna garşy geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da başlanar. Soňra türkmen topary Lýuksemburgyň (24-nji aprelde), Gyrgyzystanyň (25-nji aprelde) we Günorta Afrika Respublikasynyň (27 aprelde) ýygyndylary bilen oýnar.