Turkmenportal logo
16.04.25
2137821378
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Katmer» tagam däplerini paýlaşýar: näme üçin kataifler we pisseler süýjülikleriň esasyny düzýär?

«Katmer» kafesi müşderileriniň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan özboluşly desertleriniň täsin syrlaryny paýlaşýar. Şunda iki sany esasy goşunda aýratyn ähmiýet berilýär. Olar — kataifler we pisseler.


Kafeniň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, kataifler — desertlere özboluşly gurluş berýän, wermişeli ýada salýan örän ýuka ýaýylan hamyrdyr. Ol adaty türk süýjüliklerinde ulanylyp, özüniň datly hem näzik gurluşy bilen giňden halanylýar. «Katmerde» kataifler kitirdewüklik bilen ýumşaklygyň arasynda ajaýyp deňagramlylygy gazanmak üçin ýörite reseptler ulanylyp taýýarlanylýar.


Pisseler barada aýdylanda bolsa, olaryň «Katmer» desertlerinde bol görnüşde peýdalanylýandygy resept däpleri bilen düşündirilýär. «Katmerde» her bir desertiň tagama baý, ýokumly bolmagyny üpjün etmek üçin diňe iň ýokary hilli pisseler ulanylýar.


«Katmer» kafesi myhmanlary türk süýjülikleriniň tagamlarynyň baý sazlaşygyny açmaga çagyrýar.


Habarlaşmak üçin:


  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Ankara köçesi, 19-njy jaý (ozalky Ýubileýnaýa);
  • telefon belgisi: (+993 63) 24 99 44;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.