Turkmenportal logo
09.04.25
1637916379
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serb kompaniýalary birža söwdalarynda buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar

Birža söwdalarynda daşarky bazarda Serbiýa döwletleriniň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet-haryt çig mal biržasynyň resmi saýtynda habar berildi.


Şeýle hem Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.


Netijede söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 165 720 dollara deň bolan geleşikleriň 3-si baglaşyldy.