Turkmenportal logo
25.03.25
3229232292
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky Ylymlar akademiýasynyň binasy abatlanyp, mermer bilen örtüler

Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň binasynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin tender-bäsleşigine badalga berildi. Guramaçylar potratçy edaralary desganyň mermer we granit örtügini täzelemek boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.


Gatnaşmagyň şertleri


Tender-bäsleşigi üçin teklipleri bildiriş resmi taýdan çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda kabul ediler (25/25/2025, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti). Tender-bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildiren potratçylar arzalaryny aşakdaky salgy boýunça iberip bilerler: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15.


Habarlaşmak üçin maglumatlar


Has giňişleýin maglumatlary almak üçin gyzyklanýan taraplar aşakdaky telefonlara jaň edip, habarlaşyp bilerler: 94 30 74 we +993 64 89 21 21


Maglumatlary faks arkaly hem alyp bilersiňiz: 94 29 32