Turkmenportal logo
25.03.25
1121311213
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenhimiýa» DK-niň başlygy Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy
Surat: Dunyo.info

Türkmenistanyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Döwrangeldi Sapbaýew Aşgabatda Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşdy.


Taraplar iki ýurduň arasynda himiýa senagaty boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de bu ugurda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen bilelikdäki kooperasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini kesgitlediler.


Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň sebitleriniň arasynda senagat kooperasiýasyny giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Duşuşykda ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ulgamlaýyn we yzygiderli durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.