Turkmenportal logo
22.03.25
2448624486
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ermenistanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak meýilleşdirilýär
Surat: Türkmenistanyň Ermenistandaky İlçihanasy

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Ýerewandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, 21-nji martda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.


Mundan başga-da, söhbetdeşler ulag-logistika infrastrukturasy we logistika aragabaglanyşygy meselelerine-de degip geçdiler. Şeýle-de duşuşykda Ermenistanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.